Tramp noýabr aýynda Ýewropa hem-de Latyn Amerika ýurtlaryna sapar gurar

Ak Tam Trampyň Ýewropa we Latyn Amerika gurajak sapary barada ýazmaça beýanat berdi

Tramp noýabr aýynda Ýewropa hem-de Latyn Amerika ýurtlaryna sapar gurar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp noýabr aýynda Ýewropa hem-de Latyn Amerika ýurtlaryna sapar gurar.

Ak Tam Trampyň Ýewropa we Latyn Amerika gurajak sapary barada ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda 11-nji noýabrda Fransiýada geçiriljek we I-njy jahan urşunyň tamamlanmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanana dabaralara gatnaşjak Trampyň, amerikan esgerleriniň görkezen gahrymançylygyna ünsi çekjekdigi nygtaldy

Trampyň soň bolsa Irlandiýa geçjekdigi we saparyň çäginde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesiniň seljeriljekdigi bellenildi.

Ak Tamdan berlen beýanatda Trampyň noýabr aýynyň ahyrynda Argentinada geçiriljek G-20-niň liderler maslahatyna gatnaşjakdygy nygtaldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň noýabr aýynyň ahyrynda bolsa Kolumbiýada saparda bolmagyna garaşylýar.

 

 

 

 


Etiketkalar: Donald Tramp , Argentina , ABŞ , Ýewropa

Degişli Habarlar