Tramp Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir Es Sabah bilen duşuşar

Tramp 5-nji sentýabrda Kuweýdiň Emiri Es Sabahy kabul eder

Tramp Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir Es Sabah bilen duşuşar

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 5-nji sentýabrda Ak Tamda Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir Es Sabahy kabul eder.

Ak Tam tarapyndan mesele barada berlen ýazmaça beýanatda, Tramp bilen Şyh Sabahyň iş saparynyň çäginde duşuşjakdygy nygtaldy.

Beýanatda iki lideriň arasyndaky duşuşykda ABŞ bilen Kuweýdiň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljeriljekdigi nygtaldy.

Syh Sabah soňky gezek geçen ýylyň sentýabr aýynda Waşingtonda saparda bolupdy we Tramp bilen duşuşypdy.

 

 

 


Etiketkalar: duşuşyk , Emir , Kuweýt , Ak Tam

Degişli Habarlar