Siriýada geçen aý asuda ilatdan 391 adam ýogaldy

Siriýada geçen aý asuda ialtdan 66-sy çaga, 37-si zenan jemi 391 adam ýogaldy

Siriýada geçen aý asuda ilatdan 391 adam ýogaldy

 

Siriýanyň Adam hukuklary guramasynyň çap eden awgust aýynda ýogalanlaryň sany baradaky habarnamasyna görä, Siriýada geçen aý asuda ilatdan 66-sy çaga, 37-si zenan jemi 391 adam ýogaldy.

Habarnamada Asada tabynlykdaky güýçleriň geçen aý 13-i çaga, 8-i zenan 239 adamy öldürendigi nygtaldy.

Asada howa goldawyny berýän rus güýçleriniň hüjümlerinde bolsa geçen aý 20-si çaga, 7-si zenan asuda ilatdan 36 adam ýogaldy.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK bolsa 3-i çaga, 3-i zenan 15 adamy öldürdi.

Habarnada terror guramasy DAIŞ-iň 5-i çaga, 1-i zenan asuda ialtdan 12 adamy öldürendigi bellenildi.

Harby oppozisionerleriň bolsa 1 zenany öldürendikleri ýatladyldy.

Şahsyýeti näbeli adamlaryň bolsa 25-i çaga, 17-si zenan 88 adamy öldürendigi nygtaldy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar