Owganystanyň demirgazygynda harby dikuçar ýere gaçdy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda harby dikuçar ýere gaçdy

Owganystanyň demirgazygynda harby dikuçar ýere gaçdy

Balhdaky 209-njy Algyr komanda serkerdeliginiň metbugat geňeşçisi Hanif Rezai daşary ýurt kärhanasyna degişli dikuçaryň serkerdelikden uçanyndan gysga wagt soň, ýere gaçandygyny habar berdi.

Ýere gaçanyndan soň dikuçarda ýangyn başlandygyny aýdan Rezai heläkçilikde dikuçardaky 10 howpsyzlyk güýçlerinden 3-siniň halas edilendigini we 7 esger bilen daşary ýurtly uçarmanlaryň ykbalynyň bolsa entek bilinmeýändigini mälim etdi.  

Rezai dikuçaryň tehniki näsazlyk sebäpli gaçandygyny, waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny beýan etdi.


Etiketkalar: dikuçar , demirgazyk , Owganystan

Degişli Habarlar