Gruziýada "Agile Spirit 2018" atly harby türgenleşik geçirilýär

Harby türgenleşik 11-nji sentýabra çenli dowam eder

Gruziýada "Agile Spirit 2018" atly harby türgenleşik geçirilýär

Gruziýada Türkiýäniň hem gatnaşmagynda köp milletli umumy harby türgenleşik geçirilýär.

Ýurdyň Senaki şäherindäki harby bazada türgenleşigiň resmi açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Gruziýanyň Goranmak ministri Lewan Izoria we ministrligiň resmileri bilen diplomatlar gatnaşdylar.

Lewan Izoria çykyşynda harby türgenleşigiň NATO agza ýurtlar bilen Gruziýanyň arasyndaky dowamly häsýetde artýan strategik hyzmatdaşlygyň bir mysalydygyny habar berdi.

Izoria şuňa meňzeş türgenleşikleriň sebitiň howpsyzlygyny güýçlendirmek taýdan möhümdigini mälim etdi.

Gruziýanyň ýer eýeçilik etmegindäki "Agile Spirit 2018" harby türgenleşigine Türkiýe, ABŞ, Bolgariýa, Latwiýa, Rumyniýa, Ukraina, Gresiýa, Çeh Respublikasy we Estoniýa gatnaşýar.

Türgenleşik 11-nji sentýabra çenli dowam eder.



Degişli Habarlar