Eýranda bir öýde takmynan 3 müň içýan ele salyndy

Eýranyň Maşat şäherindäki öýleriň birinde takmynan 3 müň içýan ele salyndy

Eýranda bir öýde takmynan 3 müň içýan ele salyndy

Horasan Rezewi welaýatynyň Daşky gurşawy goramak müdüri Ebulfazl Şabani, Maşat şäherinde bikanun ýagdaýda içýan ýetişdirilýän bir öýde derňew işleriniň geçirilendigini habar berdi. 

Mehr habarlar agentliginiň berýän habaryna görä derňew işiniň çäginde 3 müň içýan ele geçirildi.

Operasiýanyň bir hepde dowam eden gözegçilik işlerinden soň guralandygyny aýdan Şabani içýan ýetişdirýän adamyň degişli edaradyr-guramadan rugsat almandygyny habar berdi. 

Şabani ýaşaýyş ýerleriniň golaýynda içýan ýetişdirmegiň beýleki ýaşaýjylara howp salýandygyny beýan etdi. 

 


Etiketkalar: Mehr , içýan

Degişli Habarlar