Amerikan halky Donald Trampyň prezidentliginden hoşal däl

Sowalnama gatnaşanlaryň 60 göterimi Trampyň prezidentliginden hoşal däl

Amerikan halky Donald Trampyň prezidentliginden hoşal däl

Waşington Post gazeti bilen ABC Nýus tarapyndan geçirlen sowalnama gatnaşanlaryň 60 göterimi Trampyň prezidentliginden hoşal däldiklerini nygtady.

Wezipesine iki ýyl ozal başlandygyna garamazdan amerikan halky Donald Trampyň alyp barýan syýasatlarynyň netijesizdigi barada pikir edýär.

Sowalnama gatnaşanlaryň 60 göterimi Trampyň prezidentliginden hoşal däl, 36 göterimi bolsa Trampa goldaw berýär.

Amerikalylar Trampyň başladan skandallaryndan hem nägile.

Olaryň esasy bölegi Trampyň wezipesinden boşadylmagy we kazyýet işine çekilmegi üçin Kongresiň herekete geçmegini isleýär.

 

 

 


Etiketkalar: sowalnama , hoşallyk , ABŞ

Degişli Habarlar