Russiýa Ortaýer deňzinde täze türgenleşik geçirjekdigini habar berdi

Türgenleşigiň sentýabr aýynyň 1-8-i aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär

Russiýa Ortaýer deňzinde täze türgenleşik geçirjekdigini habar berdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ortaýer deňzinde täze türgenleşik geçirjekdigini habar berdi.

25 gäminiň we 30 uçaryň gatnaşmagyndaky türgenleşigiň sentýabr aýynyň 1-8-i aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ministrlik harby türgenleşikde anti-yçar, anti-deňizasty we anti-mina tälimleriniň gözden geçiriljekdigini habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýaňy ýakynda Ortaýer deňzinde ýene-de 3 harby gäminiň ugradylandygyny habar beripdi.

Russiýa mundan başgada 1981-nji ýyldaky türgenleşikden soň taryhynyň iň uly harby türgenleşigini geçirmäge taýarlanýar.

Wostok 2018 türgenleşigi Russiýanyň gündogarynda we Sibirde sentýabr aýynyň 11-15-i aralygynda geçirler.

Türgenleşige 300 müňe golaý esgeriň we müňden gowrak harby enjamyň gatnaşjakdygy nygtalýar.

 

 



Degişli Habarlar