Kongodaky Ebola wirusy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Kongo Demokratik Respublikasynda iýul aýynda ýaňadandan ýaýramaga başlan Ebola epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 28-e ýetdi

1036001
Kongodaky Ebola wirusy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Kongo Demokratik Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligine görä iýul aýynyň ahyrynda ýurdyň Demirgazyk Kiwu ştatynda başlan epidemiýanyň 96 adama täsir ýetirendigi, şol adamlaryň 69-synyň Ebola wirusyna sezewar galandygy mälim edildi. 

Şol 69 adamyň ýene-de 5-siniň ýogalmagy bilen, wirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 28-e ýetdi. 

Ýurtda ozalky Ebola epidemiýasy Demirgazyk Kiwa ştatyna 2 müň 500 km uzaklykda ýerleşýän ýurdyň Ekwator ştatynda görülipdi.  

Ilkinji gezek 1976-njy ýylda  Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan Ebola wirusy 2013-nji ýylyň dekabr aýynda Günbatar Afrikada ýaňadandan ýüze çykypdy. 

Günbatar Afrikanyň ençeme ýurduna ýaýran Ebola wirusy bilen kesellän 30 müň adamyň 11 müňi şol epidemiýada ýogalypdy. 

 



Degişli Habarlar