Ýemende çagalary nyşana alan hüjümde ulanylan bomba ABŞ-da öndürlipdir

Ýemende 9-njy awgustda çagalary alyp barýan awtobusa guralan hüjümde esasy bölegi çagalardan ybarat 50 adam ýogalypdy

Ýemende çagalary nyşana alan hüjümde ulanylan bomba ABŞ-da öndürlipdir

ABŞ-nyň goldaw bermegnde Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň 9-njy awgustda Ýemeniň Sada şäherinde guran we çagalar bilen birlikde 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümde ulanylan bombanyň ABŞ-da öndürlendigi nygtaldy.

Amerikan CNN kanalynyň Ýemendäki ýerli şaýatlara we hünärmenlere esaslanýan habarynda ady agzalýan hüjümde ulanylýan lazerli MK-82 kysymly bombanyň Amerikan Lockhedd Martin firmasynda öndürlendigi öňe sürüldi.

Habarda 227 kilogram agyrlygyndaky bombanyň ABŞ tarapyndan Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçlerine goldaw maksady bilen berlendigi we Ýemende çagalar we zenanlar bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümde ulanylandygy ýatladyldy.

Şol bomba meňzeş Amerikada öndürlen başga bombalaryň hem 2016-njy ýylyň mart we oktýabr aýlarynda Ýemende guralan asuda ilatdan köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümde ulanylandygy nygtaldy.

Habarda 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Ýemende bir jynaza guralan we 155 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümde ulanylan bombadan soň ABŞ-nyň şol döwürdäki Prezidenti Barak Obmanyň Saud Arabystanyna lazer ýaraglarynyň satylmagyny gadagan edendigi emma 2017-nji ýylyň mart aýynda Trampyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümetiň şol gadagançylygy aýyrandygy bellenildi.

Ýemeniň demirgazygynda ýerleşýän Sada welaýatynda 9-njy awgustda çagalary alyp barýan awtobusa guralan hüjümde esasy bölegi çagalardan ybarat 50 adam ýogalypdy, 77 adam ýaralanypdy.

 

 

 


Etiketkalar: awtobus , çaga , bomba , Ýemen

Degişli Habarlar