Angela Merkel, Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirdi
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Siriýanyň Idlib şäherinde bolmagy ähtimal adamzat tragediýasyna garşy çäreleriň görülmeldigini belledi
Angela Merkel Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putini ýurdyň paýtagty Berliniň golaýyndaky Meseberg köşgünde garşylady.
Duşuşykdan ozal beýanat beren Merkel, Putin bilen Soçide geçiren duşuşygy göz öňünde tutup, dünýädäki uly oňşuksyzlyga çözgüt tapmak üçin bu dialogyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Siriýadaky adamzat krizisiniň çözülmelidigine ünsleri çekip, jedelleşikli meseleleriň diňe dialogyň üsti bilen ele alynmalydygyna ünsleri çekdi.
Angela Merkel Germaniýanyň we Russiýanyň dünýädäki hadysalar bilen baglanşykly jogapkärçilikleriniň bardygyny emma Russiýanyň BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik wekili bolmagy sebäpli aýratyn bir jogapkärçiliginiň hem bardygyny habar berdi.
Wladimir Putin bolsa siriýaly bosgunlaryň iň gysga wagtda ýurtlaryna gaýdyp barmaklary üçin gerek bolan ädimleriň edilmeldigini nygtap, Siriýanyň täzeden gurluşynyň möhümdigini belläp geçdi.
Russiýanyň Döwlet baştutany Putin nemes kärdeşleri bilen Demirgazyk Akym 2 tebigy gaz geçiriji turba taslamasy boýunça bilelikde işleşýändiklerini, Demirgazyk Akym 2 taslamasynyň diňe ykdysady bir taslamadygyny mälim etdi.
Gazyň Ukrainanyň üstünden daşalmaga dowam ediljekdigini aýdan Putin bu ýerde esasy zadyň eksport edilýän mahaly ykdysady şertleriň üpjün edilmegidigini beýan etdi.
Degişli Habarlar
Idlibe Birnäçe Hüjüm Guraldy
Idlibde çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän 14 etrapça birnäçe hüjüm guraldy.