Müsürde bina çökdi

Wakada 5 adam ýogaldy

Müsürde bina çökdi

Müsüriň günortasyndaky Kina şäherinde bir binanyň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 4-si çaga bolan jemi 5 adam ýogaldy.

MENA-nyň berýän habaryna görä raýat goranyş toparlary Kina şäherinde çöken 3 gatly binanyň aşagyndan 4-si çaga bolan jemi 5 adamyň jesedini çykardylar.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi habar berildi.

Binanyň näme sebäpli çökendigi bilen bagly maglumat paýlaşylmady.  


Etiketkalar: bina , Müsür

Degişli Habarlar