Donald Trampyň ozalky kömekçisi öz prezidentini rasist diýip günäkärledi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň ozalky kömekçisi Omarosa Nýuman, Trampy rasizm bilen günäkärledi

1030634
Donald Trampyň ozalky kömekçisi öz prezidentini rasist diýip günäkärledi

Ak Tamda geçiren günleri barada “Deňagramsyz” atly kitap ýazan we Trampy rasist bolmak günäkärleýän Omarosa Nýuman, Trampyň akyl ýetirişiniň hem erbetleşýändigini öňe sürdi.

Trampy rasist hökmünde häsýetlendiren Nýuman onuň Afro-amerikalylar üçin negr sözüni ençeme gezek ulanandygyny eşidendigini habar berdi.

Nýuman mundan başgada Trampyň maslahatçylaryndan Kellienn Konueýiň ýarym Filippinli bolan ýoldaşy üçin hem ençeme gezek rasist sözler ulanandygyny mälim etdi.

Trampyň akyl-huşunyň erbetleşýändigini aýdan Nýuman maslahatlaryň birinde Trampyň gahardan ýaňa kagyz iýendigini görendigini öňe sürdi.

Nýuman kitabynda mundan başgada 2017-nji ýylyň dekabr aýynda wezipesinden boşadylanyndan soň, Tramp barada hiç zat aýtmazlygy üçin özüne aýlyk 15 müň dollar pul teklip edilendigini, emma özüniň bu teklibi kabul etmändigini beýan etdi.

Tramp bolsa öz gezeginde Nýumana berk ýagdaýda reaksiýa bildirdi.


Etiketkalar: #Donald Tramp , #rasist , #rasizm , #kitap

Degişli Habarlar