Taliban tarapyndan Owganystanyň taryhy Gazna şäherine hüjüm guraldy

Çaknyşyklar sebäpli Gazna-Kabul köçesi gatnawa ýapyldy

Taliban tarapyndan Owganystanyň taryhy Gazna şäherine hüjüm guraldy

Terror guramasy Taliban tarapyndan  Owganystanyň taryhy Gazna şäherine hüjüm guraldy.

Welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Muhammed Aref Nuri terrorçylaryň şu gün ir ertir şäher merkezine hüjüm gurandygyny aýtdy.

Nuri şäher merkeziniň golaýynda çaknyşyklaryň dowam edýändigini we birnäçe terrorçynyň öldürlendigini belledi.

Çaknyşyklar sebäpli Gazna-Kabul köçesi gatnawa ýapyldy.

Terror guramasy Taliban tarapyndan berlen beýanatda bolsa, guramanyň agzalarynyň şäher merkezine girendigi we köp sanly esgeri öldürendigi öňe sürüldi.

 

 

 

 


Etiketkalar: taryh , Taliban , Owganystan

Degişli Habarlar