Nigeriýada Boko Harama garşy geçirlen operasiýada 7 terrorçy öldürildi

Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri yzygiderli ýagdaýda guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy

Nigeriýada Boko Harama garşy geçirlen operasiýada 7 terrorçy öldürildi

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Harama garşy geçirlen operasiýada 7 terrorçy öldürildi.

Mesele hakynda berlen beýanatda, Borno welaýatynyň Guzamala etrabynda Boko Harama garşy operasiýanyň geçirlendigi habar berildi.

Operasiýada 7 terrorçynyň öldürlendigi,  köp sanly terrorçynyň hem ýaraly ýagdaýda gaçandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan guramanyň Garunda obasyndaky harby gözegçilik merkezine guran hüjüminde köp sanly esgeriň ýogalandygy bellenildi.

Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri terrorçylykly hüjüm guraýan Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri yzygiderli ýagdaýda guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Gurama 2015-nji ýyldan bäri ýurduň serhet goňşulary Kamerunda, Beninde, Çatda we Nigerde hem hüjümler guraýar.

Guramanyň Çatda guran hüjümlerinde azyndan 2 müň adam ýogaldy.

 

 



Degişli Habarlar