Ahmedinežad Prezident Hasan Ruhaniniň wezipesinden çekilmegini isledi

“Halkyň hoşal bolmagy üçin hökümet wezipesinden çekilmeli”

Ahmedinežad Prezident Hasan Ruhaniniň wezipesinden çekilmegini isledi

Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežad halkyň häzirki hökümete ynamynyň galmandygyny öňe sürdi we Prezident Hasan Ruhaniniň wezipesinden çekilmegini isledi.

Ahmedinežad ýüzlenmesinde ýurduň başdan geçirýän ýagdaýynyň halky biynjalyk edýändigini aýtdy.

Ýurduň ykdysady taýdan bölünşige tarap barýandygyny aýdan Ahmedinežad, “Halk indi döwlete ynanmaýar” diýdi.

Ahmedinežad Ruhanynyň ýolbaşçylygyndaky häzirki hökümet döwründe eýranyň halkynyň ýitgi çekýändigini belledi.

Ahmedinežad “Halkyň hoşal bolmagy üçin hökümet wezipesinden çekilmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar