ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Wladimir Putine hat iberdi

Russiýada saparda bolan amerikaly senator Rand Paul, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň hatyny Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ýolbaşçylygyndaky dolanşyga berdi

1028915
ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Wladimir Putine hat iberdi

Sosial media hasaby Twitterden beýanat beren Paul: “Prezident Trampyň hatyny Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ýolbaşçylygyndaky dolanşyga bermek hormadyna eýe boldym. Hatda terrora garşy göreş, parlamentara dialogy artdyrmak we medeni gatnaşyklary dowam etdirmek bilen birlikde tapawutly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi ýaly ugurlar bardy” diýip belledi.

Kreml hem hatyň alynandygyny tassyklady.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow hatyň rus tarapyna diplomatik ýollar bilen berilendigini we iň gysga wagtda Putin tarapyndan okalmagyna garaşýandyklaryny habar berdi.

Respublikan partiýadan Paul, Moskwada Federasiýa Geňeşiniň we Dumanyň wekilleri bilen birlikde Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirdi.

Amerikaly senator Rand Paul şu gün bolsa Sankt Peterburg şäherine geçip, ol ýerde şäheriň resmileri bilen duşuşyklar geçirer.

Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklaryň saklanmagynyň tarapdary bolan we Trampyň 16-njy iýulda Helsinkide Putin bilen geçiren duşuşygyna goldaw beren Paul, bu ýurda sapar guramagynyň maksadynyň Waşington bilen Moskwanyň arasynda dialogyň artdyrylmagydygyny belledi.



Degişli Habarlar