ABŞ-de aç we suwsyz saklanan 11 çaga halas edildi

Amerikanyň Nýu-Meksiko ştatynda çölüň ortasynda bir öýde erbet şertlerde saklanan 11 çaga halas edildi.

1026818
ABŞ-de aç we suwsyz saklanan 11 çaga halas edildi

ABŞ-niň metbugatynda berilen habarlara görä Polisiýa gullugynyň resmisi Jerri Hogrefe ştatyň Amalia sebitinden alan maglumatlarynyň esasynda öýe operasiýa gurandyklaryny habar berdi. 

Hogrefe ştatyň Amalia sebitinde çölüň ortasynda bir öýde ýaşlary 1 bilen 15 ýaş aralygynda üýtgeýän 11 çagany, aç, suwsyz we gorkuzylan ýagdaýda tapandyklaryny mälim etdi. 

Çagalaryň aýakgaplarynyň bolmandygyny, üstlerinde bolsa dogry-düzüw egin-eşikleriniň bolmandygyny aýdan Hogrefe çagalaryň galan ýerinde suwyň we elektrik toguň bolmandygyny beýan etdi. 

Çagalaryň döwlet tarapyndan gorag astyna alynandygyny aýdan Hogrefe öýdäki 5 adamyň eli ýaragly 2-siniň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #ştat , #Nýu-Meksiko , #çaga

Degişli Habarlar