Indoneziýada 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň gündogarynda ýerleşýän Lombok adasynda 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1026214
Indoneziýada 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Meteorologiýa, klimat we geofizika gullugy Lombok adasyndaky Mataram şäheriniň demirgazyk-gündogarynda bolan 7 bal ululygyndaky ýer titremäniň, ýeriň 15 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Sebitde sunaminiň bolup biljekdigi barada duýduryş berildi.

Resmiler tebigy heläkçilikde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolup-bolmandygy barada beýanat bermediler.



Degişli Habarlar