Yragyň harby uçarlary DAIŞ-iň ýerlerine hüjüm gurady

Yragyň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlar ýurdyň gündogaryndaky Diýala şäherinde guran howa hüjümlerinde terror guramasy DAIŞ-e agza 15 terrorçy töldürildi

1017247
Yragyň harby uçarlary DAIŞ-iň ýerlerine hüjüm gurady

Diýala şäheriniň Polisiýasynyň resmisi Habib Eş-Şemmeri birnäçe adamdan ybarat toparyň sebitde hüjüm guramak üçin taýýrlyk görýändigi barada maglumat alylaryndan soň, howa hüjümleriniň guralandygyny habar berdi.  

Şemmeri: “Yragyň harby howa güýçlerine degişli harby uçarlaryň Diýala şäheriniň demirgazyk-gündogarynda guran howa hüjüminde DAIŞ-e agza 15 terrorçy öldürildi” diýdi.

Şemmeri howa hüjümlerinde mundan başgada terrorçylara degişli 3 ulagyň hem hatardan çykarylandygyny mälim etdi.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al-Abadi 2017-nji ýylyň dekabr aýynda terror guramasy DAIŞ-iň 3 ýyl dowam eden harby barlygynyň ýok edilendigini habar beripdi.

Emma gurama degişli ýatan öýjükler Yragyň käbir nokatlarynda wagtal-wagtal terrorçylykly hüjümlerini guramagyny dowam etdirýär.


Etiketkalar: #Yrak , #Polisiýa , #resmi , #DAIŞ

Degişli Habarlar