Eýranda ýene-de çaknyşyk boldy

Eýranyň günbatarynda Ynkylap goragçylar bilen şahsyýetleri entek anyklanmadyk ýaragly toparyň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 11 esger ýogaldy

Eýranda ýene-de çaknyşyk boldy

Şu gün ýurdyň Meriwan şäheriniň golaýynda howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly toparyň arasynda çaknaşyk boldy. 

Ýerli wagt bilen sagat 02:00-da başlan çaknyşyk takmynan 2 sagat dowam etdi. 

Çaknyşygyň netijesinde Ynkylap goragçylaryndan 11 esger ýogaldy, 8 esger bolsa ýaralandy. 

Terrorçy toparyň şahsyýetleri entek anyklanmady. Hiç bir topar ýa-da gurama hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almady. 

Eýranyň günbataryndaky Meriwan şäherinde ozal hem eýranly esgerler bilen terror guramasy PKK-nyň Eýrandaky şahasy PEJAK-a agza terrorçylaryň arasynda çaknyşyk bolupdy. 

 


Etiketkalar: çaknyşyk , günbatar , Eýran

Degişli Habarlar