Britaniýada 15 ýaşly iki erkek çaga 10 we 12 ýyl azatlykdan mahrum edildiler

Britaniýada 15 ýaşyndaky 2 erkek çaga, mekdeplerinde gyrgynçylyk etmek meýilleşdirendikleri sebäpli 10 we 12 ýyl azatlykdan mahrum edildiler

Britaniýada 15 ýaşly iki erkek çaga 10 we 12 ýyl azatlykdan mahrum edildiler

Bomba we tüpeň ulanmagy meýilleşdiren çagalaryň ýarag üýşürmek isländikleri ýüze çykdy. 

Iki çaga taryhyň iň elhenç wakasyny özlerine nusga edip aldylar. 

Bomba ýasamagy öwrendiler, ýarag almak üçin derňew geçirdiler. 

Thomas Wyllie we Aleks Bolland mekdeplerinde gyrgynçylyk meýilleşdirýän mahallary tussag edildiler. 

15 ýaşyndaky 2 mekdep okuwçysy, Britaniýanyň Northallerton şäherçesindäki mekdeplerini nyşana almak islediler. 

Maksatlary 1999-njy ýylda 13 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen ABŞ-niň Kolombine liseýindäki gyrgynçylygyň ýene-de birini ýerine ýetirmekdi. 

Ähli zady meýilleşdirdiler. 

Emma Aleks Bolland dostlarynyň birine iberen hatynda etmek isleýänlerini aýtmagy bilen göz tussaglygyna alyndylar. 

Dostlarynyň polisiýa işgärlerine gürrüň berenlerini inkär edip, azat boldylar. 

Emma polisiýa gullugy gözegçilik etmegini dowam etdirdi. 

Geçirilen derňewde çagalaryň zatlarynyň arasynda mugallymlardan we okuwçylardan ybarat öldürilmek islenýän adamlaryň sanawy bardy. 

Bomba ýasmagy öwredýän wideolar we ýarag satyn almak üçin resminamalar ele salyndy. 

Ilki bilen Thomas tussag edildi, Iki gün soň bolsa Aleks boýun egdi. 

Çagalaryň kazyýet işi 1 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýärdi. 

Subutnamalary kabul eden kazyýet iki çagany 10 we 12 ýyl azatlykdan mahrum edilmek barada karar çykardy. 

 



Degişli Habarlar