Pakistanda howpsyzlyk güýçlerine hüjüm guraldy

Hadysada 5 adam ýaralandy

Pakistanda howpsyzlyk güýçlerine hüjüm guraldy

Pakistanda howpsyzlyk güýçlerine degişli ulagyň geçýän mahaly motosikle ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýaralandy.

Ýurdyň günbataryndaky Buljystan welaýatynyň Çaman sebitinde howpsyzlyk güýçlerine degişli ulagyň geçýän mahaly ýoluň gyrasyndaky motosikle ýerleşdirilen bomba uzakdan pult bilen partladyldy.

Golaýdaky ulaglara we binalara zeper ýeten partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýaralandy.

Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.


Etiketkalar: hüjüm , Pakistan

Degişli Habarlar