Gresiýanyň Russiýadaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Gresiýanyň Moskwadaky Adatdan daşary doly ygtyýarly ilçisi Andres Friganas 2 rus diplomatyň ýurdundan çykarylmagy we grek ýolbaşçylaryň Russiýa garşy beýanatlar bermegi sebäpli Daşary işler ministrligine çagyryldy

Gresiýanyň Russiýadaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda 2 rus diplomatyň Gresiýadan çykarylmagy we grek ýolbaşçylaryň Russiýa garşy beýanatlar bermegi sebäpli Andres Friganasa dilden we ýazmaça ýagdaýda protest berilendigi mälim edildi. 

Gresiýa geçen hepde ýurdyň milli howpsyzlygyna howp salýan hereketler edendigi sebäpli 4 rus diplomatdan 2-sini ýurtdan çykardy, 2-si üçin bolsa ýurda girmeklerini gadagan etdi. 

Gresiýanyň metbugatynda berilen habarlarda diplomatlaryň Makedoniýa bilen bolan ýurdyň ady bilen bagly mesele babatynda ülkedäki protestleriň we nägilelikleriň artmagyna sebäp döretmek aýyplamasy bilen günäkärlenýändigi öňe sürüldi. 

 


Etiketkalar: diplomat , Gresiýa , Russiýa

Degişli Habarlar