Eýranyň günorta-gündogarynda çaknyşyk boldy

Çaknyşykda eýranly 2 esger ýogaldy

Eýranyň günorta-gündogarynda çaknyşyk boldy

Eýranyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Sistan we Buljystan welaýatynda ýaragly topar bilen ýüze çykan çaknyşykda 2 esger ýogaldy.

Welaýatyň merkezi Zahidan şäheriniň Korin etrabynda howpsyzlyk güýçleri bilen şahsyýetleri entek anyklanmadyk ýaragly toparyň arasynda çaknyşyk boldy.

Çaknyşygyň netijesinde 2 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy.

Soňky birnäçe hepde bäri ýaragly toparlar bilen Eýranyň howpsyzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň artandygy aýdylýar.

Sistan we Buljystan welaýatynyň Mirjawe şäherinde 25-nji iýunda ýüze çykan çaknyşykda 3 serhet goragçysy ýogalypdy, hüjümçileriň 3-si öldürilipdi.


Etiketkalar: çaknyşyk , Eýran

Degişli Habarlar