Russiýanyň ýeňilmez ýaraglarynyň taýýarlyklary tamamlandy

Wladimir Putin mart aýynda Federal mejlisde eden çykyşynda aralarynda Awangard we Sarmat raketa ulgamlarynyň hem bolan ençeme täze ýaragy ýeňilmez hökmünde häsýetlendiripdi

Russiýanyň ýeňilmez ýaraglarynyň taýýarlyklary tamamlandy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan ýeňilmez hökmünde häsýetlendirilen ýaraglardan, materikara raketa ulgamynyň özgerdilmeginiň we materikara ballistik raketanyň bolsa uçurma synaglary tamamlandy. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda Russiýanyň Goranyş senagaty kompleksi tarapyndan Awangard raketa ulgamynyň özgerdilmeginiň umuman alynanda tamamlanandygy we önümçilik etabyna geçilendigi habar berildi. 

Mundan başgada ýadro boýegolowka daşap bilmek mümkinçiligine eýe bolan sarmat atly materikara ballistik raketa ulgamynyň uçurma synagynyň tamamlanandygy beýan edildi. 

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mart aýynda Federal mejlisde eden çykyşynda aralarynda Awangard we Sarmat raketa ulgamlarynyň hem bolan ençeme täze ýaragy ýeňilmez hökmünde häsýetlendiripdi. 

 



Degişli Habarlar