Putin FOX TV kanalyna interwýu berdi
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Amerikanyň FOX TV kanalyna beren interwýusynda ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren duşuşygy bilen baglanşykly beýanat berdi
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin beren beýanatynda ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmak bilen bagly 2010-njy ýylda gol çekişilen START şertnamasynyň möhlediniň 2021-nji ýylda doljakdygyny ýatladyp: “Biz bu möhledi uzaltmaga taýýardyrys, Prezident Trampa muny aýtdym” diýdi.
Putin ilki bilen käbir mesleler boýunça ylalaşyk gazanylmagyň gerekdigini belläp: “ABŞ-niň ylalaşygynyň düzgünlerini doly berjaý etmeýändigini pikir edýärin. Emma muňa hünärmenler karar berer” diýip nygtady.
Wladimir Putin ABŞ-de Russiýa bilen bagly geçirýän toparyň rus razwedka gullugyndan 12 resmini ABŞ-de 2016-njy ýylda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesine täsir ýetirmek bilen aýyplamadynyň hem üstünde durup geçdi.
Putin: “Mesele ABŞ-de ýurdyň içindäki syýasy göreşiň, syýasy oýunlaryň bir bölegi. Şol sebäpli bu mesele bilen hiç hili gyzyklanamok. Bu ýagdaýyň iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary ýesir almagyna rugsat bermeli däldiris” diýdi.
Ozalky rus içaly Sergeý Skripalyň zäherlenmegi bilen baglanşykly Britaniýanyň günäkärtlenmelerine hem jogap beren Putin: “Bular esassyz günäkärlemeler. Britaniýanyň içerki meseleleri sebäpli orta atylan bolup biler” diýdi.
Degişli Habarlar
Idlibe Birnäçe Hüjüm Guraldy
Idlibde çaknyşyksyz zolakda ýerleşýän 14 etrapça birnäçe hüjüm guraldy.