ABŞ we Ýaponiýa ýadro şertnamasynyň möhledini uzaltdylar

ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasynda gol çekişilen resmi Tokionyň ulanylan ýadro ýangyçlaryndan plutoniý çykarmagyna we uran  baýlaştyrmagyna rugsat berýän ylalaşyk möhletsiz ýagdaýda uzaldyldy

1014190
ABŞ we Ýaponiýa ýadro şertnamasynyň möhledini uzaltdylar

Ýaponiýanyň Kýodo habarlar agentliginiň berýän habaryna görä iki ýurt möhledi şu ýyl doljak 30 ýyllyk ýadro şertnamasynyň şol şertlerde möhletsiz ýagdaýda uzaldylmagy barada karara geldiler. 

Şeýlelik bilen Ýaponiýa ýadro ýaragy bolmasada seýreklendirilen plutoniý we uran ýygnaýan ýeke täk ýurt bolmagyny dowam etdirer. 

Emma Ýaponiýanyň möçber bilen bagly aladalar sebäpli ylalaşyga ýene-de bir madda goşuldy. 

Täze madda taraplaryň ikisinede 6 aý öňünden habar bermek şerti bilen ylalaşykdan birtaraplaýyn häsýetde çekilmek hukugyny berýär. 

Ýaponiýa degişli häzirki wagtda 47 tonna plutoniý bar. 

Onuň bolsa 6 müň boýegolowka öndürmäge ýetjek mukdardygy habar berilýär. 

Ady agzalan 47 tonanyň 10 tonnasy Ýaponiýada saklanýan bolsa, galan bölegi Britaniýada we Fransiýada saklanýar. 

 



Degişli Habarlar