Eýran ABŞ-ni şikaýat etdi

Eýran ABŞ-ni birtaraplaýyn bikanun embargolar girizmek sebäpli Halkara Adalat kazyýetine şikaýat etdi

1013640
Eýran ABŞ-ni şikaýat etdi

Eýranyň daşary işler ministri Jewad Zarif sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beren beýanatynda: "Eýran şu gün ABŞ-ni birtaraplaýyn bikanun sanksiýalar girizmegi sebäpli Halkara Adalat kazyýetine şikaýat etdi. Bu ýurdyň halkara ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmezligine garşy çäre görülmeli" diýdi. 

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň ýadro ýlalaşygyndan çekilendigini mälim etmeginden soň, ABŞ-niň Gazna ministrligi ilkinji embargolar etabynyň awgust aýynda, 2-nji etabyň bolsa noýabr aýynda giriziljekdigini habar berdi. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #ABŞ , #embargo

Degişli Habarlar