Ýaponiýadaky silde ýogalan adamlaryň sany 195-e ýetdi

Ýaponiýadaky sil apatynda we ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany 195-e ýetdi

Ýaponiýadaky silde ýogalan adamlaryň sany 195-e ýetdi

Ýaponiýanyň Milli Polisiýa agentligi geçen hepdeden bäri ýurdyň günbataryna öz täsirini ýetiren aşa ýagan ýagyşlaryň emele getiren sil apatynda we ýer süýşgünleri netijesinde 195 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Resmiler dereksiz ýiten 60 adamyň entegem gözlenýändigini, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigini bellediler.

Hiroşima, Okaýama we Ehime şäherlerinde 70 müňden gowrak halas edijiler iş alyp barýarlar.

Ýangyn we Tebigy apat gullugynyň berýän habaryna görä gaçybatalgalarda takmynan 6 müň 700 adam bar.

Ýurtda 19 welaýatda 5,9 million adam howpsyz ýerlere göçürilmek barada karar kabul edilipdi.

Tebigy apat sebäpli Premýer ministr Şinzo Abe Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak saparyny yza süýşürdi.


Etiketkalar: sil apaty , Ýaponiýa

Degişli Habarlar