Taliban ýene-de 15 esgeri öldürdi

Owganystanyň Kunduz welaýatynda Talibana agza terrorçylaryň harby birikmä guran hüjüminde 15 esger ýogaldy

Taliban ýene-de 15 esgeri öldürdi

209-njy Algyr serkerdeliginiň metbugat geňeşçisi Muhammed Hanif Rezai Talibana agza terrorçylaryň Daşti Arçi etrabyndaky harby birikmä hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümde 15 esgeriň ýogalandygyny, 13 esgeriň ýaralanandygyny aýdan Rezai terrorçylar tarapyndan gysga wagtlyk basylyp alynan harby birikmäň yzyna basylyp alynandygyny mälim etdi. 

Şaýatlar bolsa hüjümde 30-dan gowrak esgeriň ýogalandygyny aýdýarlar. 

Taliban bolsa hüjümde 72 esgeriň ölendigini öňe sürdi. 

 


Etiketkalar: esger , Taliban , Owganystan

Degişli Habarlar