Putin Welaýaty bilen duşuşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranyň dini Lideri Aýatulla Hamaneýiň Halkara gatnaşyklardan jogapkär geňeşçisi Ali Akbar Welaýaty bilen duşuşdy

Putin Welaýaty bilen duşuşdy

Kremlden berilen beýanata laýyklykda Putin Prezidentiň Nowo-Ogarewodaky kabulhanasynda Welaýatyny kabul etdi.

Duşuşyga Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Kremliň Daşary syýasatdan jogapkär geňşçisi Ýuriý Uşakow hem gatnaşdy.

Şeýle-de duşuşyga Hamaneýiň geňeşçisi Ali Asgar Fathi Sarbanogly we Eýranyň Russiýadaky ilçisi Mehdi Sanai hem gatnaşdy.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu düýn Russiýanyň Prezidenti Putin bilen Moskwada geçiren duşuşygynda Eýranyň Siriýadaky güýçleri barada pikir alyşypdy.


Etiketkalar: Putin , Kreml

Degişli Habarlar