Donald Trampyň Britaniýa sapary şu gün başlaýar

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň jedelleşikli Britaniýa sapary şu gün başlaýar

Donald Trampyň Britaniýa sapary şu gün başlaýar

Tramp Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki NATO maslahatyndan soň gurajak Britaniýa saparynda ýurdyň Premýer ministri Tereza Meý we Şa aýaly II Ýelizaweta bilen duşuşyk geçirer.

ABŞ-niň Prezidentiniň Angliýany we Şotlandiýany öz içine aljak 4 günlik saparynda dürli-dürli ýerlerde giň-gerimli protestleriň geçirilmegine garaşylýar.

Trampyň sapary Oxfordshirdäki Blenheim köşgünde hormadyna beriljek nahar bilen başlar.

Nahardan soň ýurdyň paýtagty Londona geçjek Tramp gijäni ABŞ-niň ilçisiniň Regent’s Parkdaky ýerinde geçirer.

Amerikan Prezidentiniň anna günki programmasy Premýer ministr Tereza Meý bilen ady entek beýan edilmedik harby baza barmak bilen başlar.

Liderler ol ýerde duşuşyk geçirenlerinden soň, metbugat ýygnagyny geçirmegine garaşylýar.

Ondan soň Windsor şäherine geçjek Tramp ol ýerde ýurdyň Şa zenany II Ýelizawetta bilen duşuşar.

Tereza Meý sapardan ozal beren ýazmaça beýanatynda iki ýurdyň aýratyn gatnaşyklaryna ünsleri çekip: “Biziň ABŞ bilen bolan gatnaşyklarymyzdan has güýçli bir hyzmatdaşlyk ýok we öňümizdäki ýyllarda hem bolmaz” diýdi.



Degişli Habarlar