ABŞ-nyň iň gowy prezidenti Barak Obama

Şuňa laýyklykda amerikalylaryň 44 göterimi garaýagyz we akýagyz iki millete hyzmat eden Obamanyň ABŞ-nyň iň başarjaň prezidenti bolandygyny beýan etdi

ABŞ-nyň iň gowy prezidenti Barak Obama

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Pew Risorç Senter” atly ylmy barlag guramasynyň geçiren sowalnamasynyň netijesine görä amerikalylar mundan ozalky Prezident Barak Obamanyň işiniň başarjaňlyk bilen berjaý edendigine ynanýar.

Şuňa laýyklykda amerikalylaryň 44 göterimi garaýagyz we akýagyz iki millete hyzmat eden Obamanyň ABŞ-nyň iň başarjaň prezidenti bolandygyny beýan etdi.

“Pew Risorç Senter” atly ylmy barlag guramasynyň geçiren sowalnamasynyň netijesine görä Bill Klinton 33 göterim blen ikinji orny eýeledi, Ronald Reýgen bolsa 32 göterim bilen üçinjile laýyk görüldi.

İýun aýynyň 5-12-si aralygynda 2 müň adam bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikler arkaly geçirilen sowalnamada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp soňky orny eýeledi.

Tramp iň bir polýazirleýji prezident hökmünde kabul edilýär.


Etiketkalar: Prezident , Barak Obama , Tramp

Degişli Habarlar