“Russiýa bilen möhüm meseleleriň çözülmegi üçin aragatnaşyk saklanmaly”

NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenberg Russiýa bilen meseleleriň çözülmegi üçin aragatnaşyk saklanmalydygyny, Moskwany ýekirmek, çetleşdirmek üçin argument döretmeli däldigini beýan etdi

“Russiýa bilen möhüm meseleleriň çözülmegi üçin aragatnaşyk saklanmaly”

NATO-nyň Brýusselde geçirilýän maslahatynyň çäginde beýanat beren Stoltenberg, dartgynlygy gowşatmak we esasy meseleleri çözmek üçin Russiýa bilen gepeleşikler geçirmegiň möhümdigini nygtady.

“Krymyň bikanun anneksirlenmegini ykrar etmeýäris, kiber giňişlikdäki aksiýalary, saýlara goşulyşmagy ykrar etmeýäris, Salisbýuridäki wakany bilýäris, başga mysallar hem bar we olaryň hem kabul edemizok” diýen NATO-nyň Baş Sekretary, meseleleriň bolmagynyň Russiýanyň ýekirilmegi üçin argument bolup durmaýandygyny aýtdy.

Stoltenberg uly düşnüşmezlikleriň bar bolan döwürlerinde dialogyň aýratyn uly ähmiýete eýedigini sözleriniň üstüne goşdy.


Etiketkalar: Krym , Ýens Stoltenberg , NATO

Degişli Habarlar