Owganystanda bilim edarasyna hüjüm guraldy

Hadysada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

Owganystanda bilim edarasyna hüjüm guraldy

Owganystanda Bilim edarasyna guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ataullah Hogýani Jelalabadyň 5-nji etrapçasyndaky bilim edarasyna ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralandygyny habar berdi.

Hüjümçileriň bilim edarasynyň girelgesinde 1 polisiýa işgärini we bilim edarasynyň 1 işgärini öldüreninden soň, bina girendigini aýdan Hogýani edaraň içindäki adamlary zamun alandygyny mälim etdi.

Hogýani hüjümde 7 adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

Ataullah Hogýani hüjümçileriň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin operasiýanyň başladylandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar