NSU terror guramasynyň lideri ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

Germaniýada NSU terror guramasynyň lideri Beate Çipy (Beate Zscaepe) 10 tapawutly jenaýat sebäpli ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

NSU terror guramasynyň lideri ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

Germaniýada 8-i türk, jemi 10 adamy öldürmek, bombaly hüjümler guramak we banklary talamak ýaly jenaýatlar sebäpli kazyýetiň öňüne çykarylan Nasional Sosialist Ýerasty (NSU)  terror guramasynyň agzasy Beate Çipy (Beate Zscaepe) ömür boýy azatlykdan mahrum edildi

Mýunhen welaýatynyň Ýokary kazyýetinde 5 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän kazyýet diňlenşigine ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiň başlygy Mafred Götzel kazyýetiň 438-nji diňlenşiginde karary aýan etdi.  

Kazyýetiň wekiliýeti NSU-nyň eden jenaýatlaryna we beýleki eden-etdiliklerine goşulyşan we terror guramasynyň agzasy bolan Beate Çipini (Beate Zscaepe) ömür boýy azatlykdan mahrum etdi.

NSU terror guramasyna kömek beren we goldan Ralf Wohlleben 10 ýyl, Andre Emminger 2,5 ýyl we Holger G 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Kazyýet diňlenşiginde günäsini boýun alan Karsten S. bolsa ýaş ýetiginjekleriň kanunlaryna laýyklykda 3 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Germaniýada 2000-2007-nji ýyllar aralygynda 8-i türk jemi 10 adamy öldürmek, 2 bombaly hüjüm guramak we 15 banky talamak aýyplamalary bilen günäkärlenen NSU terror guramasynyň barlygy we jenaýatlardaky roly 2011-nji ýylyň 4-nji noýabrynda tötänden bilindi.



Degişli Habarlar