Merkel Trampa reaksiýa bildirdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň “Germaniýa Russiýanyň ýesiri” diýen sözlerine jogap berdi

Merkel Trampa reaksiýa bildirdi

Merkel Germaniýanyň garaşsyz döwletdigini nygtap: “Biz azatlykda birleşen Germaniýa Federatiw Respublikasy. Şol sebäpli hem garaşsyz syýasat kesgitläp, garaşsyz karar kabul edýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şu gün “Germaniýa energetika üçin Russiýa uly mukdarda töleg töleýär. Şol sebäpli Germaniýa Russiýa ýesir” diýipdi.

NATO-nyň maslahatynyň çäginde Baş Sekretar Ýens Stoltenberg bilen duşuşan Tramp, Germaniýanyň goranyş üçin edýän çykdajysyny artdyrmagyny we Russiýa bilen energetike pudagynda edýän hyzmatdaşlygyny tankyt edip; “Ýewropany Russiýadan goramalydygymyz beýan edilýär. Eger şeýle bolsa näme üçin NATO agza ýurtlar energiýa serişdeleri üçin Russiýa milliardlarça dollar töleýär” diýdi.

Stoltenberg bolsa Brýusseldäki maslahatdan ozal žurnalistlere beren beýanatynda, Trampyň Germaniýanyň energetika pudagynda Russiýa garaşlydygy baradaky analizi hakynda: “Demirgazyk Akymy Turba Geçiriji Taslamasy” Germaniýanyň milli meselesi, NATO-ny gyzyklandyrmaz” diýdi.



Degişli Habarlar