Gresiýa 2 sany rus diplomatyny ýurtdan çykardy

Gresiýa 2 sany rus diplomatyny ýurtdan çykardy, 2 sanysyna bolsa ýurda girmegi gadagan etdi

Gresiýa 2 sany rus diplomatyny ýurtdan çykardy

Gresiýanyň “Kathimerini” gazetiniň habar bermegine görä resmi Afynynyň karary diplomatlaryn Gresiýanyň içeri işlerine goşulyşmaklary we milli howyslyga wehim salmaklary sebäpli kabul edendigi nygtalýar.

Habarda; “Afynynyň diplomatlar baradaky günäkärlemeleriň arasynda maglumat ýygnamak we ýaýratmak, döwlet işgärlerine para bermek hem bar” diýilýär.

Kararyň maksadynyň bolsa Russiýanyň Gresiýadaky täsirini güýçlendirmek ugrundaky synanşygyna garşylyk görkezmek bolandygy öňe sürüldi.

“Diplomatik çeşmeler Afynynyň kararynyň Russiýa-Gresiýa gatnaşyklaryna garşy däl, dolulygyna degişli adamlara garşy kabul edilendigine ünsi çekýärler” diýilýän habarda, Russiýa garşylyk görkezen halatynda şertleriň has-da dartgynlaşjakdygy nygtalýar.

Gresiýanyň hökümetiniň metbugat sekretary Dimitris Janakopulos Gresiýanyň ýurduň milli howpsyzlygyna wehim salýan işlere goşulyşandygy sebäpli çäre görülen 4 rus diplomatynyn diplomatik kadalary bozandygyny aýtdy.

Janakopulos gatnaşan teleýaýlymlaryndan birinde; “Grek hökümetiniň ähli ýurtlar bilen gowy gatnaşyk etmek isleýäňdigini, emma halkara hukugynyň kadalaryny bozan we grek döwletine sarpa goýmaýan çemeleşmeleri kabul etmeginiň mimkin bolmandygyny” aýtdy.


Etiketkalar: diplomat , rus , karar , Afiny , Gresiýa

Degişli Habarlar