Iordan serhedindäki siriýaly bosgunlaryň esasy bölegi öýlerine dolandy

BMG Iordan serhedindäki siriýaly bosgunlaryň esasy böleginiň öýlerine dolanandygyny habar berdi

1008688
Iordan serhedindäki siriýaly bosgunlaryň esasy bölegi öýlerine dolandy

BMG-nyň Iordaniýadaky Ynsanperwer kömek işleri boýunça ugtaşdyryjysy Anders Pedersen bilen BMG-nyň Iordaniýa boýunça ýörite wekili Stefano Sewere metbugata beren beýanatynda, Iordan serhedindäki siriýaly müňlerçe bosgunyň esasy böleginiň öýlerine gaýdyp barandygyny nygtady.

Serhetde diňe 150-200 bosgunyň galandygyny aýdan Pedersen, Siriýanyň günortasyndaky bosgunlaryň sany barada bosa anyk maglumat berip bilmejekdigini aýtdy.

Pedersen Siriýadaky bosgunlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin ýeňillik döredilmegini isledi.


Etiketkalar: #BMG , #Iordaniýa , #bosgun

Degişli Habarlar