ABŞ-niň Döwlet sekretary Pompeo Owganystanda saparda bolýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Owganystanyň paýtagty Kabul şäherine bardy

1009572
ABŞ-niň Döwlet sekretary Pompeo Owganystanda saparda bolýar

Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani, Maýk Pompeony Prezident köşgünde kabul etdi.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda söz sözlän Gani ýurdundaky parahatçylyk etabyna goldaw berilýändigini we netijesiniň gowulaşýandygyny belledi.

Eşref Gani Owganystana parahatçylygyň gelmegi üçin Yslam ýurtlarynyň möhüm rol oýnajakdygyny nygtady.

Maýk Pompeo hem ABŞ hökmünde Owganystandaky parahatçylyk etabyna goldaw berýändiklerini we umytlydyklaryny beýan etdi.

Talibanyň söweş bilen netije alyp bilmejekdigine düşünendigini aýdan Pompeo: “Taliban biziň Owganystandan çekilmegimize garaşmasyn” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar