Efiopiýada partlama boldy

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä birnäçe adam ýogaldy

Efiopiýada partlama boldy

Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebada ýurdyň Premýer ministri Abiý Ahmediň gatnaşan mitinginde partlama boldy.

Partlamadan soň goragçylary tarapyndan mitingiň geçirilen ýerinden uzaklaşdyrylan ýurdyň Premýer ministri Abiý Ahmed ondan soň beren beýanatynda: “Bu ýurtda parahatçylyk we birlik islemeýänler tarapyndan guralan partlamada birnäçe adam ýogaldy” diýdi.

Abiý Ahmed: “Bu waka Efiopiýany bir ýere jemlemek islemeýän güýçler tarapyndan guralan şowsyz hüjümdir” diýip belledi.



Degişli Habarlar