Indoneziýadaky gaýyk pajygasynda dereksiz ýiten adamlaryň sany artýar

Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky Toba kölünde duşenbe güni bolan gaýyk pajygasynda dereksiz ýiten adamlaryň sany 192-ä ýetdi

996521
Indoneziýadaky gaýyk pajygasynda dereksiz ýiten adamlaryň sany artýar

Milli gözleg we halas ediş guramasynyň başlygy Muhammed Sýaugi Toba kölünde bir gaýygyň batmagyndan soň maşgalalarynyň we dogan-garyndaşlarynyň habar bermegi netijesinde dereksiz ýitenleriň sanynyň 192-ä ýetendigini anyklandyklaryny habar berdi.

Gaýyk heläkçiliginde häzirki wagta çenli 18 adamyň halas edilendigini we 4 adamyň ýogalandygyny aýdan Sýaugi Samosir sebitinden Simalungun sebitine barýarka batan "KM Sinar Bangun" atly agaç gaýygyň ýolgçy daşamak mümkinçiliginiň 43 adamdygyny we gaýykda 45 sany halas ediş gursakçasynyň bolandygyny mälim etdi.

Saýugi mundan başgada wakanyň bolan ýerinde 300 metr çuňluga çenli gözleg we halas ediş işleriniň geçirilýändigini beýan etdi.

Resmiler wakanyň ýaramaz howa şertleri we gaýyga bolmalysyndan artykmaç adam mündirilendigi sebäpli bolandygyny habar berdiler.


Etiketkalar: #Indoneziýa , #gaýyk , #adam , #resmiler

Degişli Habarlar