Eýranyň we Saud Arabystanynyň nebit ministrleriniň duşuşygy netijeli geçdi

Eýranyň Nebit ministri Bižen Zengene nebit önümçligi barada Saud Arabystanynyň Nebit ministri Halid Al Falih bilen geçiren duşuşygynyň netijeli bolandygyny aýtdy

997713
Eýranyň we Saud Arabystanynyň nebit ministrleriniň duşuşygy netijeli geçdi

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” mälim etmegine görä Eýranyň Nebit ministri Zengene bilen Saud Arabystanynyň Nebit ministri Falih OPEK-iň Wenada geçirilen 174-nji maslahatyndan ozal duşuşdylar.

Saud arabystanly kardeşi bilen geçiren duşuşygyndan soň žurnalistlere beýanat ebren Zengene duşuşykda nebit önümçiliginiň ýokarlandyrylmagy barada pikir alyşylandygyny we duşuşygyň netijeli geçendigini aýtdy.

Zengene OPEK-iň maslahatynda nebit önümçiliginiň mukdarynyň artdyrylmagy barada karara gelinmeginiň mümkindigini nygtady.



Degişli Habarlar