Tramp: “Şinzo, isleseň sana 25 million meksikaly ugradaýyn!”

Trampyň çemeleşmesi G7-niň maslahatynda-da biynjalyklyk emele getirdi

994382
Tramp: “Şinzo, isleseň sana 25 million meksikaly ugradaýyn!”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Kanadanyň paýtagty Ottawada geçirilen G7-niň maslahatynda Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abä: “Sizde bosgun meselesi ýok” diýendigi ýüze çykdy.

“Woll Street Jornal” gazetiniň ÝB-niň maslahata gatnaşan wekillerine esaslandyrýan habaryna görä maslahatda Tramp bilen beýleki ýurtlaryň liderleriniň arasynda täsin dialoglar bolup geçdi. Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abeniň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň we ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ýan Klod Ýunkeriň maslahatynda dowamynda bolan diskusiýalarda ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň şahsy çemeleşmesi bilen tankydy degişmelerinden nesibesini alandygy beýan edilýär.

Gazete maglumat beren wekiller Trampyň bosgunlar meselesi ara alynyp maslahatlaşylýarka Ýaponianyň Premýer ministri Abä; “Şinzo sizde bosgun meselesi ýok, emma isleýän bolsaň 25 million meksikalyny saňa ugradyp bilerin. Ynanaý, gysga wagtda kürsüňi elden giderersiň” diýendigini aýtdy.

Trampyň Eýran we terrorizm meselesinde bolsa Fransiýanyň Prezidenti Makrona; “Terrorizm meselesini sen gowy bilýän bolmaly Emmanuel. Çünki ähli terrorçylar Parižde” diýendigi nygtalýar.

Şeýle-de ÝB Komissiýasynyň amerikaly firmalara salgyt kepilligi boýunça goýan çäklendirmeleri sebäpli Trampyň Komissiýanyň başlygy Ýunker hakynda “rehimsiz ganhor” diýendigi habar berildi.

Beýleki bir ýolbaşçy maslahatyň dowamynda liderleriň arasynda Trampyň çemeleşmesine bolan biynjalyklygyň özüni görkezendigini, liderleriň teýeneli sözlere asuda we parasatly jogap bermek üçin tagalla edendiklerini nygtady.



Degişli Habarlar