ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaş güýçleri Asada tabynlykdaky güýçleri nyşana aldy

Hüjümde Asada tabynlykdaky güýçleriň ýitgi çekendigi nygtaldy

994350
ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaş güýçleri Asada tabynlykdaky güýçleri nyşana aldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Deýrizor welaýatynda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaş güýçleriniň hüjümine sezewar bolandygy öňe sürüldi.

Siriýanyň hökümetiniň SANA habarlar gullugy, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlaryň düýn gije Deýrizorda Asada tabynlykdaky güýçleri nyşana alandygyny öňe sürdi.

Habarda Elbukemal etrabynyň Hiri etrabynda Asada tabynlykdaky güýçleriň nyşana alynan hüjüminde Asada tabynlykdaky güýçleriň ýitgi çekendigi nygtaldy.

Yrak serhedindäki Deýrizoryň demirgazygy ABŞ-nyň goldaw bermeginde geçen ýylyň sentýabr aýynda ekstremist terrr guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG tarapyndan basylyp alynypdy.

Welaýatyň günortasy bolsa Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astynda. Emma terror guramasy DAIŞ hem welaýatda iş alyp barýar.



Degişli Habarlar