Kabmodžanyň Şazadasy we aýaly ulag heläkçiligine uçrady

Kabmodžanyň Şazadasy Norodom Ranariddh we aýaly Ouk Phalla ulag heläkçiliginde ýaralandy

993803
Kabmodžanyň Şazadasy we aýaly ulag heläkçiligine uçrady

Kýodo habarlar agentliginiň berýän habaryna görä Sihanoukwille şäheriniň Içeri işler edarasynyň müdüri Çuon Narin ýurdyň Şazadasy Norodom Ranariddhiň ulagynyň taksi bilen çakyşandygyny habar berdi.

Ulag heläkçiliginde Şazada Norodom Ranariddh we aýaly Ouk Phalla bilen taksidäki 5 adamyň ýaralanandygyny aýdan Narin saglyk ýagdaýy agyr bolan Şazada Norodom Ranariddh we aýaly Ouk Phallanyň Sihanoukwille şäheriniň hassahanasyna alynyp gidilendigi mälim edildi.

Funcinpec partiýasynyň başlygy bolan Şazada Norodom Ranariddhiň we aýalynyň bejergisiniň ýurdyň paýtagty Pnompende dowam etjekdigi beýan edildi.



Degişli Habarlar