Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä Putin Bütindünýä Futbol çempionatynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Moskwa baran Aliýew bilen duşuşyk geçirdi. 

Ilham Aliýewiň 30-njy awgutsda Russiýa sapar gurajakdygyny ýatladan Putin: "Gatnaşyklarymyz üstünlikli dowam edýär. 2017-nji ýylda söwda kuwwadymyz 34,4 göterim artdy. 2018-nji ýylyň ilkinji çärýeginde bolsa 19 göterim artdy. Goldanmaly bolan gowy bir temp bar" diýdi. 

Putin iki ýurdyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň hem durnuklu ýagdaýda dowam edýändigine ünsleri çekdi. 

Aliýew bolsa öz gezeginde Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özgermegine hoşaldygyny belledi. 

 



Degişli Habarlar