Poroşenko TANAP-yň açylyşyna gatnaşdy

Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko Türkiýäniň we Azerbaýjanyň bilelikdäki tagallasy hem-de Ýewropa ýurtlarynyň goldaw bermeginde günorta gaz koridorynyň esasy böleginiň tamamlanandygyny aýtdy

Poroşenko TANAP-yň açylyşyna gatnaşdy

Trans Anatoliýa Tebigy Gaz Geçiriji Taslamasy TANAP-yň Eskişehirdäki açylyş dabarasynda çykyş eden Poroşenko; “TANAP-yň açylmagy Türkiýäniň uzak wagtdan bäri dowam edýän Transatlantika sebitindäki pozisiýasyny berkidýär” diýdi.

Petr Poroşenko taslamanyň Ýewropanyň energiýa howpsyzlygy we tebigy gaz serişdesiniň diwersifikasiýasy taýdan möhümdigini aýtdy.

Poroşenko TANAP-yň bütin sebitiň abadançylygyna uly goşant goşjakdygyna ünsi çekip; “Şol bir wagtda täze tebigy gaz üpjünçiligini hem ýany bilen alyp geljek we olary Ýewropanyň energetika ulgamyna goşar. Ukraina taslamany doly goldaýar. Şu günki günde energiua serişdelerimiziň diwersifikasiýasy taýdan Ukraina TANAP-dan Bolgariýa we Rumyniýanyň üstaşyr tebigy gaz almak üçin tagalla edýäris” diýdi.


Etiketkalar: TANAP , Petro Poroşenko , Ukraina

Degişli Habarlar