ABŞ TANAP taslamasyny goldaýar

ABŞ Azerbaýjan tebigy gazyny Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak Trans Anatoliýa tebigy gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygyny beýan etdi

ABŞ TANAP taslamasyny goldaýar

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň orunbasarynyň kömekçisi Sandra Udkirk Ankarada metbugat işgärlerine beren beýannamasynda TANAP-yň sebite goşjak goşantlary barada durup geçdi.

Taslamanyň Günorta gaz koridorynyň esasy böleklerinden biridigini nygtan Udkirk TANAP-yň sebitiň energetika bazaryndaky pozisiýasynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Udkirk Azerbaýjan gazyny akdyrjak taslamanyň energiýa üpjünçiliginiň köpugurlylygyny ýola goýjakdygyna ünsi çekip; “Bu taslama Azerbaýjan gazyny aljak ýurtlar üçin köpugurlylyk manysyny aňladýar. Beýleki tarapdan-da hödürlenýän ýurt üçin energiýa howpsyzlygyna goşulan uly goşant. ABŞ-nyň gönüden maýa goýumymyzyň we söwda bähbidimiziň bolmandygyna garamazdan serişdäki köpugurlylygyna we energiýa üpjünçiligine goşant goşýandygy üçin taslamany goldaýarys” diýdi.

Beýleki taslamalaryň TANAP-a birikdirilmegi barada-da durup geçen Udkirk, taslamanyň giňeldilmäge we ösdürilmäge açykdygyny nygtap, geçirijiniň 16 milliard kub metre barabar bolan ukybynyň iki esse ýokarlandyrylyp bilinjekdigini aýtdy.

Udkirk energiýa serişdeleriniň söwda bähbidine öwrülmegi üçinž täze hyzmatdaşlyklaryň döredilip bilinjekdigine ünsi çekip; “TANAP-yň açylmagy we ulanmaga berilmegi diýseň hoş habar. Dünýäde şeýle kynçylyklar başdan geçirilýärkä TANAP global derejede oňyn waka. Azerbaýjan gazynyň bazara ýetirilmegi taýdan-da gowy. Hyzmatdaşlarymyzyň energiýa howpsyzlygy biziň üçin möhüm” diýdi


Etiketkalar: taslama , ABŞ , TANAP

Degişli Habarlar